Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda iş orunlary ‘30% kemeldilýär’

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda iş orunlary ‘30% kemeldilýär’ Türkmenistanyň döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ähli edara-guramalara, şol sanda nebit-gaz pudagyna degişli kärhanalara şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan iş orunlaryny 30% kemeltmek barada ýokardan görkezme gelip gowuşdy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär. 4-nji dekabrda bu neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, şeýle görkezmäniň ýurduň orta mekdeplerine-de gelip gowuşmandygyny we mugallymlaryň iş orunlaryny kemeltmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny belleýär. “Ýöne muňa derek mekdep direktorlaryndan pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlary pensiýa ugratmak talap edilýär. Munuň üstesine-de, ýurduň Bilim ministrligi käbir çagalar baglaryny ýapmak barada karar kabul etdi” diýip, neşir ýapyljak çagalar baglaryndaky terbiýeçileriň käbiriniň beýleki çagalar baglaryna işe geçiriljekdigini, galan böleginiň işden boşadyljakdygyny ýazýar. Türkmenistanda döwletden aýlyk alýan edara-guramalaryň, ş
Back to Top