Türkmenistan: Býujet işgärlerinden çagalaryny çagalar bagyna öwürmegi talap edýärler

Türkmenistanyň Balkanabat şäheriniň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlerden, öz çagalaryny çagalar bagyna bermek talap edilýär. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine işden çykarylmak haýbaty atylýar diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär. Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 10-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, döwlet kärhanalarynyň, şol sanda mekdepleriň, şäher häkimliginiň we energiýa edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, hususan-da, zenan işgärler bilen ýygnaklar geçirýärler. “Çagalaryňyzy çagalar bagyna gatnadyň ýa-da olar bilen öýüňizde oturyň. Iş orunlaryny eýelemäň” diýip, neşiriň öz maglumatynda Balkanabat şäheriniň Kommunal hojalyk edarasynyň başlygynyň 6-njy noýabrda eden çykyşyny sitirleýär. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem tassyklap, şu ýagdaýyň tas ähli döwlet edaralarynda diýen ýaly gaýtalanýandygyny we bu sebäpli býujet işgärleriniň köpüsiniň alaçsyzdygyny belleýärler. “Çagalar bagyna çagalaryňyzyň gatnamaýandygyny bilsem, g
Back to Top