TÜRKMENISTANLY TÄLIMÇI «ŞINNIK» KLUBUNYŇ BAŞ TÄLIMÇISI WEZIPESINE BELLENDI

1969-njy ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabatda doglan ozalky türkmenistanly futbolçy Dmitriý Homuha häzir Russiýanyň FNL-de çykyş edýän «Şinnik» toparyny türgenleşdirýär. Topar türkmenistanly tälimçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Hünärmeniň baş tälimçiniň wezipesine bellenendigi toparyň ýolbaşçylary tarapyndan yglan edildi. 2006 — 2009-njy ýyllarda Homuha «SSKA-nyň» ýaşlar düzümini türgenleşdirdi. Şol döwürden Russiýanyň ýaşlar ýygyndysyny türgenleşdirmäge (U15) çagyryldy. Soňra oňa Russiýanyň 17 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen ýygyndysyny türgenleşdirmek ynanyldy. 2013-nji ýylda ol şol ýaş derejesindäki Ýewropanyň çempionatyny ýeňiş bilen jemledi. Slowakiýada geçen çempionatyň finalynda Homuhanyň topary 11 metrlik urgular arkaly Italiýanyň ýygyndysyny ýeňdi. Hünärmen 2015-nji ýyldan başlap 21 ýaşa çenli futbolçylaryň ýygyndysyny türgenleşdirdi. 53 ýaşly hünärmen klublardan 2016-njy ýyldan Latwiýanyň «Rigasyna» ýolbaşçylyk etdi. Emma 4 aýdan soň bu topary terk etdi we 2016 — 2022-nji ýyllarda Russiýanyň ýaşlar ýygyndylarynda zähmet çekdi. Tejribeli hünärmeniň tälimçilik ýoly indi «Şinnikde» dowam eder.
Back to Top