JIDDE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN SAMMITDE KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

19-njy iýulda Jidde şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki Sammiti öz işine başlady. «Ritz-Carlton» kaşaň myhmanhanasy döwlet Baştutanlarynyň «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki şu gezekki Sammitiniň geçirilen ýeri boldy. Bu ýerde halkara ähmiýetli iri çäreleri, duşuşyklary hem-de forumlary guramak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Ýokary derejedäki Sammitiň gün tertibine Merkezi Aziýa bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi. Jiddada geçirilen Sammit häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge hem-de ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Back to Top