Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler

Türkmenistanda döwlet tarapyndan halka mugt berilýän hyzmatlaryň tölegli edilmegi halky çykgynsyz ýagdaýa düşürýändigi we olaryň täze düzgünlere nägileligini güýçlendirýändigi habar berilýär. Aýdylşyna görä, ýatyrlan mugt hyzmatlaryň fonunda çagalar bagynyň töleginiň ençeme esse ýokarlandyrylmagy käbir nägile adamlaryň protest ýöreýşini gurnamagyna sebäp bolýar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýat bilim bölüminiň işgärleri şäher merkezinde nägilelik ýöreýşiniň geçirilendigini tassyklap, bu barada jikme-jik maglumat berdiler. Olaryň gürrüň bermegine görä, Daşoguz şäherinde aglabasy aýallardan ybarat bolan topar ilki bilen arzyny diňletmek üçin, welaýat bilim müdirligine ýöriş çäresini gurnapdyrlar. Welaýat bilim bölüminde bir resminiň “şäher häkimligine gidip, arzyňyzy ýetiriň“ diýen maslahatyndan soň, nägilelik ýörşini gurnaýan köpçülik Daşoguz şäher häkimligine tarap hereket edipdir. Olaryň nägilelik ýörişýi gurnaýandygy baradaky habar hemme ýere ýaýransoň, Daşogu
Back to Top