Gurbannazar Ezizow – Men özüme dost gözledim ýaşlykdan | Goşgy

Gurbannazar Ezizow Men özüme dost gözledim ýaşlykdan, Gözel ýigitleri saýladym-seçdim. Emma: «Gowusyndan gowsun taparyn» Diýip, hemmesiniň deňinden geçdim. Men özüme ýar gözledim ýaşlykdan, Gözellerden hak syrymy gizledim. Ýok, meň söýgim başgarajyk bolmaly!» Diýdim-de, gözelleň şasyn gözledim. Ine, indem ne söýgim bar, ne dostum, Dostsuz hem söýgüsiz ýaşamak ne kyn. Ýöne şol ýigitleň birisi dostum, Gyzlaň birem söýgim bolandyr mümkin. 1969
Back to Top