“Aşgabat-2017“ oýunlarynda bilet gytçylygy döredi
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir gün öň, bilet gytçylygy emele geldi diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri habar berýär.
“Käbir ýagdaýlarda biletleriň üstünde basa-baslyk emele geldi. Bu Türkmenistanda düzgün-tertibi bilen tanalýan we sportuň milli göreş, göreşiň beýleki ugurlary, erkin we grek-rim göreşi, boks, kikboks ugurlary boýunça çykyş etjek türkmen sportsmenleriniň ýaryşlaryna biletler azaldy. Bu ýaryşlardan bir gün öň ýa-da ýaryşyň geçirilýän güni bilet tapmak örän kyndy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi (Howpsuzlyk ýagdaýlaryň sebäpli adynyň agzalmazlygyny sorady) gürrüň berdi.
Bu waka şaýat bolan Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, biletler raýatlaryň pasportdaky (Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň dogluş şahadatnamasyndaky) maglumatlary esasynda çap edilýär. Raýatlaryň pasportyndaky maglumatlar ýörite maglumatlar bazasyna geçirilýär we tomaşaçynyň ady