Berdimuhamedow Nyazow dwrnde dakylan her, etrap atlaryny tgetdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda öňki ýurt baştutany Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda dakylan şäher, etrap we oba atlaryny hem-de olaryň dolandyryş-çäk gurluşyny üýtgetdi.
27-nji noýabrda Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça işler we bu babatda taýýarlanylan kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Resmi mediada aýdylmagyna görä, agzalýan karara laýyklykda, bu sebitiň düzümine 10 etrap – Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Farap, Hojambaz etraplary hem-de 1 etrap hukukly şäher—Türkmenabat şäheri girýär.
“Galkynyş etrabynyň etrap merkezi bolan Galkynyş şäheriniň ady üýtgedilip, ol Dänew şäheri diýlip atlandyryldy. Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Garaşsyzlyk ady dakyldy. Serdarabat etrabynyň ady üýtgedilip, oňa taryhy Çärjew ady dakyldy” diýlip, habarda bellenilýär
683 views
189
54
7 years ago 00:03:32 714
Berdimuhamedow Nyýazow döwründe dakylan şäher, etrap atlaryny üýtgetdi