Türkmenistanyň “Demir zenany“: geň korrupsiýa hadysasy

Gurbanbibi Atajanowa üçin “ol doglanda elinde tussaghana ýolbaşçysynyň bir topar açary bardy“ diýse bolar. Ol Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe 10 ýyllap ýurduň baş sülçüsi wezipesini alyp bardy we döwlet ýolbaşçylaryny yzygiderli jogapkärçilige çekmek bilen at gazandy. Eger-de size nähilidir bir aýyplanma ýöňkelen bolsa we siz Atajanowanyň öňüne eltilen bolsaňyz, onda siziň ykbalyňyz hasam keç tapara ýolugar. Onuň egninde gyzyl çaýylan pogonly garamtyl gök resmi eginbaşy we kellesinde-de gyzyl nyşanaly we zerler bilen bezelen gök papagy bar. Onuň ýüzi bolsa göýä hemişe turşap duran ýalydyr. Atajanowa 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargan mahaly baş sülçüligiň işgäridi. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanda, ol hem şol bada ýurduň baş sülçüsiniň kömekçisi wezipesine bellendi. 1995-nji ýylyň 3-nji aprelinde bolsa ol baş sülçi wezipesine bellendi. Atajanowa 10 ýyl boýunça türkmen hökümetine kök urup ymykly ornaşan korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşe ýolbaşçylyk etdi. Ol şonda müňlerç
Back to Top