26-njy aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iýmit festiwaly geçirildi. Uniwersitetiň talyplary türkmen milli tagamlaryny taýýarlap, açyk matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly talyplara hödür etdiler.
GDA-nyň, Latyn Amerikasynyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan gelen myhmanlar türkmen milli tagamlarynyň dürli görnüşlerinden dadyp görmäge, olar barada maglumat almaga mümkinçilik tapdylar.
Myhmanlaryň aglabasy türkmen tagamlaryny ilkinji gezek dadyp görýärler. Dürli dillerde ýaňlanan aýdymdyr sazlar iýmit festiwalynyň joşgunyny has-da artdyrdy.
Muny diňe bir iýmit festiwaly däl, eýsem, «halklaryň dostlugy» diýip atlandyrmakda mümkin. Ýokary guramaçylykle geçirilen festiwalyň soňy aýdym-saza, ýaşlaryň tansyna ýazdy.
Onda dürli ýurtlaryň tanslary, aýdym-sazlary ýaňlandy. Bu bolsa ýaşlarda bahar joşgunyny oýardy.