Watan Habar Täzelikleri Türkmenistan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym- Jomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baý
Back to Top