Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, korrupsiýa aýyplamalary esasynda Lebap welaýat hem-de birnäçe etrap häkimlerini we ýolbaşçylaryny wezipesinden boşatdy. 27-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde, türkmen lideri “welaýaty ösdürmäge uly üns berilýändigini we bu ugurda uly göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny, emma muňa garamazdan, regiony ösdürmek işlerinde kemçiliklere ýol berilýändigini” aýtdy. Türkmen prezidenti Lebap welaýatynda dowam edýän “kemçilikler” üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini aýdyp, bu ýolbaşçylaryň welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplaryň häkimleri bilen bilelikde, ysnyşykly işlemändikleri sebäpli, şeýle “kemçilikleriň” ýüze çykýandygyny belledi. Mundan soň, ýurduň gündogar welaýatynda geçirilen hökümet maslahatynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradak
Back to Top