Prezident ’şertleriň höwesli işlemäge ýardam berýändigini’ aýdýar, daýhanlar ’şert pes’ diýýär
Türkmenistanda pagta ýygymy dowam edýär we, döwlet baştutanynyň ozal beren tabşyrygy esasynda, şu ýyl soňky gezek 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramyna çenli planlaşdyrylan pagta hasylynyň ýygnalyp alynmagyna garaşylýar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary ýew golaýda geçirilen wideoşekilli maslahatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak barada döwlet baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi, emma bu hasabatda göz öňünde tutulan pagta hasylynyň näçe möçberiniň harmana tabşyrylandygy, döwlet planynyň wagtynda dolunjagy ýa dolunmajagy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Mundan öň prezident Berdimuhamedowyň pagta ýygymynyň depgininiň haýallygyndan birnäçe gezek nägile bolupdy we gowaça meýdanlaryna tehnikanyň ýeterlik möçberde çykarylmandygyna “ünsi çekipdi”.
Özbek metbugatynyň maglumatyna görä, şu ýyl Özbegistanda öndürilen 550 sany pagta ýygýan maşynyň 50-sinden başgasy Türkmenistana eksport edil
700 views
325
56
7 years ago 00:04:21 722
Prezident ’şertleriň höwesli işlemäge ýardam berýändigini’ aýdýar, daýhanlar ’şert pes’ diýýär