Türkmen türmesinde diri ýiten 112 tussagyň 23-siniň bendilikde ýogalandygy aýdylýar

Türkmen türmesinde diri ýiten 112 tussagyň 23-siniň bendilikde ýogalandygy aýdylýar “Olary diri görkeziň” kampaniýasy Türkmenistandaky zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalary barada täze maglumatlary aýan etdi we ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyny, zorlukly ýitirim edilmeleriň täze tolkunynyň başlanandygyny habar berdi. Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça we ondan öň hem soň onlarça adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Şol bir wagtda türkmen kanunçylygy, şeýle-de Türkmenistanyň gol çeken halkara şertnamalary, eden jenaýatyna garamazdan, hiç bir tussagy beýle uzak waglap maşgalasyndan, daşary dünýäden üzňelikde saklamaga rugsat bermeýär. Hukuk goraýjylar koalisiýasy 12-nji sentýabrda, ÝHHG-nyň Warşawada, adamkärçilik ölçegleri babatdaky borçnamalaryň ýerine ýetirilişine bagyşlap geçirýän ýyllyk maslahatynyň çäginde brifing gurnady diýip, “Gündogar” habar saýty
Back to Top