Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran žurnalist Azatlyk bilen öz täsirlerini paýlaşdy

Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran žurnalist Azatlyk bilen öz täsirlerini paýlaşdy Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlaryny beýan etmäge baran daşary ýurtly žurnalistleriň biri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, Azatlyga özünde galan täsirleri gürrüň berdi. “Türkmenistanda bolan bir hepdä golaý wagtymdan mende garjaşyk duýgular galdy. Bir tarapdan, men açyk asmanyň astyndaky owadan şäheriň gözelligine, oýunlara tomaşa etmäge we öz oýunçylaryny goldamaga gelen müňlerçe türkmeniň güler ýüzüne, öz duşan adamlaryň rehimdarlygyna, adamlaryň şeýle köp möçberde öz däplerine eýerişine we aýal-gyzlaryň owadan köýneklerine haýran galdym” diýip, žurnalist aýdýar. Ýöne ol sport desgalarynyň ýerleşýän ýerinde her 50 metrden, şäheriň galan ýerlerinde her çüňkde goýlan polisiýa ofiserleriniň köplüginden hopugandygyny, emma ýerli adamlaryň muňa öwrenişine meňzeýändigini hem belleýär. “Meniň ýanyma ýolbelet edip 25 ýaşyndaky student W-ni goşdular. Onuň iňlisçesi fransuzçasyndan h
Back to Top