Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynyň we Russiýa milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy, belli hünärmen Andreý Kançelskis türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň «Soçi» toparyndan aýrylmagy bilen baglanyşykly öz pikirini mälim etdi.
Köplenç ýagdaýda, gödegrägem bolsa, gönümel we dogruçyl pikirleri bilen tanalýan Kançelskis şeýle diýdi:
— Gurban Berdiýewiň «Soçiden» gitmegi hiç bir akyla sygmajak karar! Klubuň ýolbaşçylary näme üçin derrew gowy netije gazanyp bolmajagyna düşünmedilerkä?1 Olara tälimçiligiň agyr işdigini, tälimçä ynanmalydygyny we oňa ýeňiş gazanmak üçin puryja bermelidigini düşündirmek kyn bolsa gerek. Ýogsa-da, olar edil häzir «Soçiden» näme netijä garaşdylarka?! Häzirlikçe ortagürp topar, alaga-da sanawyň başynda bolup bilmez ahyry?! Ýok, klubuň ýolbaşçylary ýalňyşdylar. Etjek alajymyz ýok, ýöne şeýle gowy hünärmene ýeterlik ynam edilmändigi meni gynandyrýar.
Ýeri gelende bellesek, Andreý Kançelskis 1991 — 1995-nji ýyllar aralygynda «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde üstünlikli çykyş edipdi.