TÜRK AWTOMOBILI AK REŇKDE TÜRKMENISTANA GETIRILER

«Togg» kysymly türk awtoulaglaryna bütin dünýäde, aýratyn-da, türki döwletlerinde uly gyzyklanma bildirilýär. 4-nji aprelde bu kysymly elektromobiliň ikinjisi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe sowgat berildi. Türk daşary işler ministriniň mälim etmegine görä, şeýle awtoulaglar Türkmenistan we Özbegistana hem iberiler. Türkmenistan üçin öndüriljek awtoulag ak görnüşde bolup, ol bir aýyň dowamynda taýýarlanylar. «Togg» kysymly awtoulaglaryň 2030-njy ýyla çenli ýylda 1 million sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle görnüşli awtoulaglar 2 görnüşde — ýangyç we elektrik bilen işleýän görnüşlerde öndürilýär. Onuň ýakyn ýyllarda 4 sany modeliniň önümçiligine girişmek göz öňünde tutulýar.
Back to Top