awtor: Kerim Hally
video: Allaguly Hommakow
TEXT:
Bir adamyň ogul perzendi boldy,
Emma iki ýaşda dünyäden ötdi.
Alla oña ýene bir ogul berdi,
Bir ýaşda ony hem topraga gatdy.
Iki perzendini jaýlan bu bendä
Dört sany gyz berdi Hudaýym.
Gyzlaryň ulusy kemala gelip
Durmuş gurdy. Aldy bagtdan paýyn.
Emma olam ýigrim ýaşyň içinde
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip ikinji gyzy
Ol hem bakyýete gadamyn urdy.
Iki gyzy, ogly öz eli bilen,
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soň üçünji gyzyn ýigrimi ýedide,
Özün synap duran ýere jaýlady.
Ýeke gyzy bilen galan biçäräň
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma ogul berdi oña Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.
Bar durkuny beren çagasy bilen.
Deñ aglar, deñ güler, hatda deñ iýer.
Betbagt ynsanyň söwer oglunam.
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.
Alty perzendini jaýlan yüregi.
Iň gatysyn gördi musallat, belaň
Emma bilyäňizmi ol ynsan kimdi?
Pygamber Muhammet Aleýhissalam!
Entek bu dünyäde, hiç bir adamzat
Onça gazanmandy söýgüsin hakyň.
Emma wepasyny göz etmek ügin,
Resulyna beren synagna bakyň!
Allañ gazabydyr öýdüp düşünmäň.
Elden alsa ýakyn, söýegleriňi.
Sabyr, ynam, dogañ kalbyñda bolsun,
Alla agyr synar söyenlerini!
#gosgylar #стихи #muhammad #peygamber #rasulullah #пророк #мухаммад #мухаммадсаллалахуалейхивасаллям #стихожизни #durmus #рекомендация #тренд