Azat Türkmen #115. Şatlyk dawalaryň "syryny" açýar.

Soňky günler Serkan Özdemir atly Türkiýäniň bir raýaty we blogeri Türkmenistanyň içinden oppozisiýanyň aktiwistlerine yzygiderli hüjüm edip gelýän başga bir bloger Şatlyk Şyhyýewi aldaw ýoly bilen pul ogurlamakda aýyplap, çykyş edip gelýär. Türkmen oppozisionerleriniň we raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň arasynda “Şatlyk agent“ ady bilen tanalýan Şatlyk Şyhyýew özüne bildirilýän bu soňky aýyplamalary ret edýär hem-de Türkiýäniň raýatynyň we onuň ýanyndaky türkmen zenanynyň “gorkan öňürder” edip, özlerine degişli käbir pyssy-pyjurlyklary bassyr-ýussur etjek bolýandyklaryny aýdýar. Biz şu we käbir beýleki meseleler barada Şatlyk Şyhyýewiň 
Back to Top