Türkmenistan boş duran desgalarynyň üstüne ‘ýene birini goşýar’

Türkmenistanda sosial-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýan mahaly türkmen häkimiýetleri ýene bir döwrebap myhmanhanany gurmak barada halkara tender bäsdeşligini yglan etdiler. Geçen hepdäniň ahyrynda türkmen metbugatynda çap edilen bildirişde, Aşgabadyň Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky meýdançada täze myhmanhananyň guruljakdygy we ony gurmak boýunça halkara tender bäsdeşliginiň yglan edilendigi aýdyldy. Resmi mediada bu myhmanhananyň näçe adama niýetlenendigi we onuň näçe gektar meýdany eýelejekdigi we gurluşygyna näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmese-de, onuň dünýä standartlaryna gabat gelýän döwrebap myhmanhana boljakdygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlanyp gurlan desgalaryň aglabasynyň ýylda diňe sanlyja gezek ulanylýandygyny,
Back to Top