ZAWODDAN IŞDEN ÇYKARYLANDAN SOŇ, ÝYLDYZ BOLDY #khaby lame

Senegal milletinden gelip çykan, «Habi» lakamly italýan blogeri Habane «TikTok-da» iň meşhur adam boldy. Geçen hepde onuň sahypasyna ýazylanlaryň sany 142,6 million adama ýetdi. Habi Leým maşgalasy bilen 2001-nji ýylda Italiýa göçüp gelýär. Ol orta mekdebi tamamlaýança Turin prowinsiýasynyň Kiwasso kommunasynda (ýaşaýyş jaý toplumynda) ýaşaýar. Şäher ösen senagaty bilen meşhur bolup, Habi ähli synpdaşlary bilen orta mekdebi gutaryp, zawoda işe ýerleşýär. Ýöne 2020-nji ýylda pandemiýanyň başlanmagy bilen, ol işden boşadylýar. Şol pursatdan başlap onuň durmuşy hemişelik üýtgeýär. Ene-atasynyň öýüne gaýdyp gelip, ol erkek dogany bilen bilelikde bir otagda ýaşaýar. Leým, köplenç, özüniň hem gyzyklanyp görýändigi üçin «TikTokda» akkaundyny döretmek barada netijä gelýär. Habiniň «TikTokda» wirus ýaly ýaýran birinji roligi 2020-nji ýylyň noýabrynda çykýar. Häzirki wagtda ol 3,7 million gezek görüldi. Birinji roliginde Habi bir gyzyň aýagynyň tigriň gulpuna daňlandygy sebäpli ony aýryp bilmän durşuny ýaňsylap, şeýle ýagdaýda diňe köwşüni çykarmagyň ýeterlikdigini görkezýär. Hereket we mimika onuň esasy utuşydyr Habiniň esasy artykmaçlygy onuň hereketleri hasaplanýar. Ol elleri bilen toslanyp tapylan kynçylyklary sada we ýönekeýje çözmegiň usullaryny görkezýär. «Esasy zat hereket we mimikadyr. Olar hemmä düşnükli bolup, adamlary güldürýär» diýip, blogeriň özi boýun alýar. Habi özüniň maliýe girdejileri barada aýtmaýar, ýöne «Influncer Marketing Hub» 22 ýaşly blogeriň her bir posty üçin 60000-den 100000-e çenli amerikan dollaryny alýandygy barada habar berýär ХАБИ ЛЕЙМ СТАЛ САМЫМ ПОПУЛЯРНЫМ ТИКТОКЕРОМ В МИРЕ Итальянский блогер сенегальского происхождения Хабане «Хаби» Лейм стал самым популярным человеком в TikTok. На прошлой неделе число его подписчиков достигло 142,6 млн человек. Стал звездой после увольнения с завода Хаби Лейм вместе с семьёй переехал в Италию в 2001 году. До окончания школы он жил в коммуне Кивассо провинции Турин. Город славится своей промышленностью, так что, как и многие одноклассники, Хаби сразу после школы устроился на завод. Но в 2020 году, после начала пандемии, он попал под сокращение. Этот момент и изменил его жизнь навсегда. Вернувшись в родительский дом, где ему пришлось делить комнату с братом, Лейм решил завести аккаунт в TikTok, который часто смотрел и сам. Первый ролик Хаби, который завирусился в TikTok был выложен в ноябре 2020 года. На данный момент он набрал 3.7 млн. просмотров. В видео он высмеивает пранк, по сюжету которого, девушку якобы приковали ногой к клумбе велосипедным замком. Лейм показал, что она могла легко выбраться, просто сняв обувь. Главной фишкой Хаби является его жест: руки, которые указывают на простейшее решение надуманной проблемы. «Всё дело в мимике и жестах. Люди смеются над ними, так как это универсальный язык» - признавался The New York Times сам блогер. Сам Хаби не говорит о своих финансах, но Influncer Marketing Hub сообщает, что за один пост 22-летний блогер получает от 60 000 до 100 000 долларов. Блогер утверждает, что сейчас копит на дом мечты для своей мамы.
Back to Top