Günüň habarlary | 14-nji maý | 📺

1. Türkmenistanyň kazyýetleri raýat işleri boýunça şaýatlary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly sorag edip bilerler. Bu täze usul raýat iş ýörediş kanunçylygynda ozal peýdalanylmaýardy. 2. «Awazada» dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk zolagyna gitmek üçin elektron rugsatnamany Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda resmileşdirip bilerler. Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige alynmak, şahsy maglumatlaryňyzy girizmek, dynç almagy meýilleşdirýän myhmanhanaňyzyň adyny we dynç alşyň möhletini görkezmek zerurdyr. Ýatlatsak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi 15-nji maýda açylar we 1-nji sentýabra çenli dowam eder. 3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny Watanymyza getirmek üçin 14-nji maýda nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrar. T5 3922 ugry boýunça uçuşy amala aşyrjak ýolagçy uçary ýerli wagt bilen 04:00-da Türkmenabada gelip gonar. 4. Maý aýynyň birinji on gününde Aşgabatda 30 mm-den gowrak ýa-da aýlyk ýagyn mukdarynyň (normasynyň)
Back to Top