Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanyň banklaryna hyzmat etmegini togtatdy.

Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanyň banklaryna hyzmat etmegini togtatdy. Bu ýagdaýdan ygtybarly iki çeşmäniň aýtmagyna görä, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri, şeýle-de Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň töleg kartlarynyň ulanylmagyna girizýän eden-etdilikli çäklendirmeleri muňa sebäp bolupdyr. VISA kartlary daşary ýurtlara syýahat edýän we ýurduň daşynda çagalaryny okadýan türkmenistanlylaryň arasynda giňden ulanylýar. Türkmenistanda VISA kartlarynyň ulanylmagyna girizilen çäklendirmeler ençeme wagt bäri dowam edýär we barha güýçlendirilýär. Soňky birnäçe hepdeden bäri türkmenistanly ulanyjylar bu töleg sistemasyndan asla peýdalanyp bilmeýärler. Mundan öň Azatlyk Radiosy türkmenistanlylaryň Türkiýede kartlar arkaly töleg etmekde hem puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigini habar beripdi. Noýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň banklary plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmak üçin rugsat berlen puluň möçberini iki esse azaldyp, bir günde 50 amerikan dollary möçberinde
Back to Top