Günüň habarlary | 26-njy aprel | 📺

Aprel aýynda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, maý aýynda Aşgabadyň kinokonsert zallary öz işini dikelder, «Altyn Asyryň» müşderilerine ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek ýatladyldy we beýleki täzelikler: 1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 29-njy aprelde Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyrar. Ýolagçy uçary Türkmenistanyň paýtagtyndan 10:00-da uçar. Petekleriň satuwy 27-nji aprelde Aşgabatda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň edarasynda satylyp başlanar. 2. «Türkmenistan», «Watan» we «Aşgabat» kinoteatrlary we kinokonsert zallary 1-nji maýdan öz işini dikelder. Kinoteatrlaryň muşdaklary türkmen hem-de daşary ýurt filmlerine tomaşa edip bilerler. Türkmenistanyň medeni köpçülikleýin çäreleriniň tertibi bilen Turkmenportal saýtynda «Afişa» bölüminden tanşyp bilersiňiz. 3. «Altyn Asyr» mobil aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan SMS habarnamasy geld
Back to Top